“Degre” hojalyk jemgyýeti.
Türkmenistanda hususyýetçilige uly üns berilmegi netijesinde 2011-nji ýylda “Degre” hojalyk jemgyýeti döredildi. “Degre” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda “Dere” haryt nyşany bilen suwly-dispresion boýaglaryň dürli görnüşlerini öndürýär we müşderilerine ýetirýär. Biziň maksadymyz Türkmenistanda ýerli önümleriň bolçulygyny gazanmak we importy azaltmak, ykdysadyýetimize goşant goşmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek bolup durýar. Häzirki wagtda “Degre” hojalyk jemgyýetinde gurnalan täze tehnologiýalary dolandyrmak arkaly birnäçe tejribeli hünärmenler zähmet çekýär. Bu bolsa önümlerimiziň hiliniň ýokary bolmagyna uly täsir edýär. “Degre” hojalyk jemgyýetinde “Mabo” hem-de “Gutun” atly 2 sany haryt nyşanlary bilen täze önüm öndirilip başlandy. Hojalyk jemgyýetimizde öndürilýän önümlerimiz aşakdaky görnüşlerden ybaratdyr:
1. Potolok boýaglary – “Dere-Taban”
2. Içki diwar boýaglary – “Dere-Dere”, “Dere-Plastik”, “Dere-Içki Silikonly”
3. Daşky diwar boýaglary – “Dere-Akril”, “Dere-Daşky Silikonly
4. Südürli boýaglar – “Dere-Tekstura”, “Dere -Tekstura-Silikonly”
5. Düşekleme boýagy – “Dere Gruntlama”
6. Reňk berijiler (koller) – 26 sany görnüşi bar
7. Potolok boýaglar – “Mabo-Taban”