“Dere-Içki Silikonly”

“Dere-Içki Silikonly”

Категория:

Описание

“Dere”-Silikonly içki diwar üçin

 Gaplanyşy:    “Dere-Silikonly” 20 kg gaba  gaplanyp halka hödürlenýär.

Ulanylyş maksady:   Suwag, beton we her dürli görnüşli diwar üstlere goraýjy we bezeg örtügi hökmünde ulanylýar. “Dere-Silikonly” içki diwar boýagy diňe içerki işlerde ulanylyp bilner. Ol hiliniň örän ýokarlygy  bilen size uzak wagtlap hyzmat eder. Onuň düzüminde silikon we beýleki ýumşadyjy, berkidiji goşundylar bolmagy ulanylan üstlerde maýda jaýrylmalar döräýende-de ol az kem sünüp, jaýrylmalary ýygnap biler.

Ulanylyşy:  Ulanyljak ýeri her dürli hapalardan (tozan, ýag we ş.m teglilleri) arassalamaly. Eger ulanyljak ýerler beton suwag bolan ýagdaýynda onda ol üstleri “Dere-Gruntlamasy” bilen 1 gat çalmaly we 12 sagatdan soň “Dere-Silikonly” içki diwar boýagy 1 gat çalmaly, 6 sagatdan soňra 2-nji gaty çalmak maslahat berilýär. Eger ulanyljak üstler şpatlýowka geçilen bolsa, onda “Dere-Gruntlamasyny” ulanmazdan 2 gat “Dere-Silikonly” içki diwar boýagyny ulanyp bolar. Ulanylmazdan öň ulanyljak boýaga 1-nji gat üçin 25-30% arassa suw goşup  mazaly alyşýança garmaly. 2-nji gat üçin 20-25% arassa suw goşmaly. “Dere-Silikonly” içki diwar boýagyny çotga, walik we sepiji abzallaryň kömegi bilen ulanmaly. Ulanylanda elleriňize ellik geýmegi we burunlaryňyza maska dakynmagy maslahat berilýär.

Sarp edilişi:  1 kg boýag 2 gatda 3-3,3 m/kw  üstleri örtüp biler.

Gurama wagty: Ortaça temperaturada 30-45 minut, 10-12 sagat doly gataşýar. Boýag doly gataşýança daşky täsirlerden goramaly.

Saklama şertleri: +5⁰C den +35⁰C temperaturada, agzy berk ýapyk ýagdaýda saklamaly. Doňmakdan goramaly.Suw goşulmadyk we oňaýly saklanan ýagdaýda öndürilen senesinden başlap 1 ýyla çenli saklap bolar. Eger suw garylan ýagdaýda  haýal etmän ulanmak maslahat berilýar, (zaýalanmak howpy bolar).

  • “Dere-Silikonly” içki diwar boýagyny adam organizimi üçin hiç hili zyýanly tasiri ýok.
  • “Dere-Silikonly” içki diwar boýagyny islendik reňkde buýrmalar esasynda taýýarladyp bilersiňiz.

● Goşmaça maglumatlary we gollanmalary  telefon faks we elektron poçtanyň üsti bilen islendik    wagt alyp bilersiňiz.

Отзывы

Отзывов пока нет.

Будьте первым, кто оставил отзыв на ““Dere-Içki Silikonly””

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *