“Dere”- Plastik

“Dere”- Plastik

Категория:

Описание

“Dere”- Plastik

 Gaplanyşy:   “Dere-Plastik” 20 kg, 7 kg we 4 kg –lyk gaplara gaplanyp halka hödürlenýär.

Ulanylyş maksady:   Suwag, beton we her dürli görnüşli diwar üstlere goraýjy we bezeg örtügi hökmünde ulanylýar. “Dere-Plastik” boýagy diňe içerki işlerde ulanylyp bilner. Ol hiliniň ýokarlygy bilen size uzak wagtlap hyzmat eder.

Ulanylyşy:  Ulanyljak ýeri her dürli hapalardan (tozan, ýag we ş.m teglilleri) arassalamaly.Eger ulanyljak ýerler beton suwag bolan ýagdaýynda onda ol üstleri “Dere-Gruntlamasy” bilen 1 gat çalmaly we 12 sagatdan soň “Dere-Plastik” boýagy 1 gat çalmaly, 6 sagatdan soňra 2-nji gaty çalmak maslahat berilýär. Eger ulanyljak üstler şpatlýowka geçilen bolsa, onda “Dere-Gruntlamasyny” ulanmazdan 2 gat “Dere-Plastik” boýagyny ulanyp bolar. Ulanylmazdan öň ulanyljak boýaga 1-nji gat üçin 25-30% arassa suw goşup  mazaly alyşýança garmaly. 2-nji gat üçin 20-25% arassa suw goşmaly. “Dere-Plastik” boýagyny çotga, walik we sepiji abzallaryň kömegi bilen ulanmaly. Ulanylanda elleriňize ellik geýmegi we burunlaryňyza maska dakynmagy maslahat berilýär.

Sarp edilişi:  1 kg boýag 2 gatda 3-3,3 m/kw  üstleri örtüp biler.

Gurama wagty: Ortaça temperaturada 30-45 minut, 10-12 sagat doly gataşýar. Boýag doly gataşýança daşy täsirlerden goramaly.

Saklama şertleri: +5⁰C den +35⁰C temperaturada, agzy berk ýapyk ýagdaýda saklamaly. Doňmakdan goramaly.Suw goşulmadyk we oňaýly saklanan ýagdaýda öndürilen senesinden başlap 1 ýyla çenli saklap bolar. Eger suw garylan ýagdaýda  haýal etmän ulanmak maslahat berilýar, (zaýalanmak howpy bolar).

  • “Dere-Plastik” boýagyny adam organizimi üçin hiç hili zyýanly tasiri ýok.
  • “Dere-Plastik” boýagyny islendik reşňkde buýrmak esasynda taýýarladyp bilersiňiz.
  •  Goşmaça maglumatlary we gollanmalary  telefon faks we elektron poçtanyň üsti bilen islendik    wagt alyp bilersiňiz.

Отзывы

Отзывов пока нет.

Будьте первым, кто оставил отзыв на ““Dere”- Plastik”

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *