“Dere”-Taban

“Dere”-Taban

Описание

Gaplanyşy: “Dere”-Taban 20 kg-lik gaba gaplanyp halka hödürlenýär.

Ulanylyş maksady: Suwag, beton we her dürli potolok hem-de diwar ýüzlere goraýjy we bezeg örtügi hökmünde ulanylýar. “Dere”-Taban boýagy diňe içerki işlerde ulanylyp bilner.

Ulanylyşy: Ulanyljak ýeri her dürli hapalardan (tozan, ýag we ş.m teglilleri) arassalamaly. Eger ulanyljak ýerler beton suwag bolan ýagdaýynda onda ol üstleri “Dere-Gruntlamasy” bilen 1 gat çalmaly we 12 sagatdan soň “Dere”-Taban boýagy 1 gat çalmaly, 6 sagatdan soňra 2-nji gaty çalmak maslahat berilýär. Eger ulanyljak üstler şpatlýowka geçilen bolsa , onda “Dere-Gruntlamasyny” ulanmazdan 2 gat “Dere”-Taban boýagyny ulanyp bolar. Ulanylmazdan öň ulanyljak boýaga 1-nji gat üçin 25-30% arassa suw goşup  mazaly alyşýança garmaly. 2-nji gat üçin 20-25% arassa suw goşmaly. “Dere”-Taban boýagyny çotga, walik we sepiji abzallaryň kömegi bilen ulanmaly.

Sarp edilişi:  1 kg boýag 2 gatda 3-3,3 m/kw  üstleri örtüp biler.

Gurama wagty: Ortaça temperaturada 30-45 minut, 10-12 sagat goly gataşýar. Boýag doly gataşýança daşky täsirlerden goramaly.

Saklama şertleri: +5⁰C den +35⁰C temperaturada, agzy berk ýapyk ýagdaýda saklamaly. Doňmakdan goramaly. Suw goşulmadyk we oňaýly saklanan ýagdaýda öndürilen senesinden başlap 1 ýyla çenli saklap bolar. Eger suw garylandan ýagdaýda  haýal etmän ulanmak maslahat berilýär (zaýalanmak howpy bolar).

  • “Dere”-Taban boýagy adam organizimi üçin hiç hili zyýanly tasiri ýok.
  • “Dere”-Taban boýagyny islendik reňkde buýurmalaryň esasynda taýýarladyp bilersiňiz.
  •  Goşmaça maglumatlary we gollanmalary telefon, faks we elektron poçtaň üsti bilen islendik wagt alyp bilersiniz.

Отзывы

Отзывов пока нет.

Будьте первым, кто оставил отзыв на ““Dere”-Taban”

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *